Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Ýaşlar döwrebap özgertmeleriň gözbaşy

              2021-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda telekeçilik işine isleg bildirýän ýaşlaryň arasynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynda we sanly ulgamda işlemek endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, “Ýaşlar döwrebap özgertmeleriň gözbaşy” atly  okuw-maslahaty gurnaldy.

             Gurnalan bu okuw-maslahatynda ýokary derejeli informatika we matematika mugallymy Babamyrat Hamraýew ýaşlara elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynda we sanly ulgamda işlemek endiklerini kämilleşdirmek dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Okuw-maslahatynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaş telekeçileri goldamak barada edýän tagallalary, şeýle gurnalýan okuw sapaklarynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtap aýtdy. Soňra sapaga gatnaşyjylar bilen sorag-jogaplar alyşyldy hem-de ýurdumyzyň  geljegi bolan ýaşlar barada uly alada edýän, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň  uzak, tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  

TSTP