Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – GARAŞSYZLYGYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Türkmenistanyň...

  • ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY WE ESASY KANUNY – BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ BUÝSANJYDYR

    Şu gün...

  • HÜNÄR - YNSANYŇ BEZEGI

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY – TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ MIZEMEZ ESASLARY

    Türkmenistanyň...

ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ýelken» hususy kärhanasynda  zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – parahatçylygyň berk binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütindünýäde ähli taraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär. Munuň özi esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde — baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär, özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.

Ak mermerli  paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwlet Baýdagymyz şäheriň islendik künjeginden görünýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň gözelligi bilen sazlaşýan Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, halkymyzyň beýik döredijilik ruhuny alamatlandyryp, bahar şemalyna erkin pasyrdaýar. 

Ýurdymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak, il-ýurt  bähbitli  işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

TSTP