Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

MILLI GAHRYMANLARYMYZYŇ HORMATYNA

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňişiň güni mynasybetli «Milli Gahrymanlarymyzyň hormatyna» atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan beýik ýeňiş güni mynasybetli, biz şu gün beýik taryhyň öňünde baş egip, watanymyzyň azatlygy we parahatçylygy ugrunda janyny pida eden milli Gahrymanlarymyzy çuňňur hormat we buýsanç bilen ýatlaýarys. Bu mukaddes gün diňe bir ýeňşiň baýramy bolman, eýsem adamzadyň erkinligi, mertligi we ruhy durnuklylygynyň beýik nyşanydyr. Urşuň agyr ýyllarynda halkymyzyň ogul-gyzlary özleriniň çäksiz watansöýüjiligi, edermenligini we gaýduwsyzlygyny görkezip, geljek nesiller üçin baky görelde galdyrdylar. Olaryň görkezýän gahrymançylygy diňe şol bir döwrüň  ýeňşini üpjün etmän, eýsem häzirki bagtyýar durmuşymyzyň binýadyny döretdi. Biz olaryň ýagty ýadyny ebedileşdirmek bilen, olaryň öňünde borjumyzy duýýarys. Olaryň gazanan ýeňşi, çekilen jebir-jepalary we görkezilen edermenligi hiç wagt unudylmaz. Her bir nesil bu beýik taryhy sapakdan ugur alyp, Watanymyza bolan söýgini, parahatçylygy goramagy we jebisligi saklamagy mukaddes borç hasap etmelidir.

Çäräniň dowamynda mähriban Watanymyzy bedew batly ösüş-özgerişlere, öňegidişliklere besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy. 

TSTP