Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Türkmen halkynyň bagtyýarlygy ugrunda

2021-nji ýylyň  2-nji iýulynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, görkezmelerinden ugur alyp, “Türkmen halkynyň bagtyýarlygy ugrunda” atly düşündüriş wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

          Geçirilen bu çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň il-günümiziň  rahatlygy, watanymyzyň parahatlygy ugrunda yzygiderli uly alada edýändigini aýdyp, hemmämiziň bilşimiz ýaly düýn  Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde degişli ýolbaşçylara  anyk tabşyryklary berdi diýip belläp geçdiler. Biz hem şu berilen tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekde jan aýaman zähmet çekeris diýip çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler. 

 “Telekeçilere uly ynam bildirip, ähli mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!” diýip öz sözlerini jemlediler. 

TSTP