Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda, Türkmenabadyň Pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi we açylyş dabarasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynyň halkymyzyň ýüreklerinde egsilmez şatlyklary döredendigi barada buýsançly gürrüňler edildi.
Çärä gatnaşyjylar mundan beýläk-de bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP