Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk türkmen halkynyň milli buýsanjy, belent gymmatlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Garaşsyzlyk –– bu diňe bir taryhy senäniň nyşany däl, eýsem türkmen halkynyň milli buýsanjy we belent gymmatlygydyr. 1991-nji ýylda gazanylan Garaşsyzlygymyzyň bize diňe bir döwletimiziň erkinligini bermek bilen çäklenmän, ol biziň milli medeniýetimizi ösdürmäge, däp-dessurlarymyzy gorap saklamaga we geljek nesillere bu mukaddes mirasy ýetirmäge mümkinçilik açdy. Häzirki wagtda Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan ösüşler, täze desgalarymyz, bilim we medeniýet ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň güýçli ygrarlygyny we agzybirligini görkezýär. Garaşsyzlyk halkymyzyň ruhunyň nyşanydyr. Ol bize geçmişimize bolan hormaty, häzirki zaman bilen baglanşyk bilen geljege bolan ynamy berýär. Garaşsyzlyk bize bagtly geljege umyt berýär, döwrebap ösüş ýoluny açýar, milli mertebämizi belent tutýar. Garaşsyzlyk – bu halkymyzyň iň uly baýlygy, milli buýsanjy we ruhy gymmatlygydyr.
Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP