Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

SAGLYGYŇ, SAGDYNLYGYŇ, SPORTUŇ SAZLAŞYGY

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmeklige we sagdyn durmuş ýörelgesini kämilleşdirmeklige gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. 

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 2-ne, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabat şäherindäki maliýe orta hünär okuw mekdebinde, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň şaşka we woleýbol görnüşleri boýunça ýaryş we wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen çärelerde talyp ýaşlar özüniň başarnyklaryny görkezdiler. 

Giň gerime eýe bolan şeýle çäreleriň ýaşlaryň sporta bolan söýgini artdyryp, agzybirligi, jebisligi has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uludygy aýratyn bellärliklidir. Sporty ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklik üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

TSTP