Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Magtymguly Pyragy Döwletmämmet Azadynyň Berkarar döwlet gurmak baradaky  pikirlerini dowam etdirijidir

              2021-nji ýylyň  9-njy  iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabadyň  pagta egriji fabriginde    “Magtymguly Pyragy Döwletmämmet Azadynyň Berkarar döwlet gurmak baradaky  pikirlerini dowam etdirijidir” atly maslahat geçirildi.

            Geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä halklaryny özüne çekýär. Onuň watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, bagtyýarlyk sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän şygyr diwany adamyň ýüreginde ýaşaýar. Şahyryň döwürdeşleriniň kalplaryna täsir eden setirleriň döremeginde onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň Garaşsyz Watan, il agzybirligi, adyl hökümdar, milletiň mertebesi baradaky taglymatlarynyň mynasyp orny eýeleýändigine göz ýetirmek bolýar. Magtymguly Pyragy şol döwürdäki berkarar döwlet gurmak baradaky pikirleri onuň köptaraply döredijiligini nurlandyrýar. 

                                    Teke, ýomut, gökleň, ýazyr,  alili,

                                    Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz,

 

           Magtymguly  Pyragynyň  asyrlarboýy arzuwlap gelen zamany  halkymyz Garaşsyzlyga eýe bolandan soňra hasyl boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga uly sarpa goýulyp, döwlet derejesinde şygryýet baýramçylygy bellenilip geçilýär. Munuň özi diňe bir beýik akyldara goýulýan sarpa bolman, eýsem, geçmişde ýaşap geçen ähli söz ussatlarymyza goýulýan sarpadyr, mertebedir, hormatdyr  diýip, Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag il ýurt bähbitli işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP