Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda, «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmekde uly tagallalary edýär» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Çäräniň dowamynda Halkyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýaşlaryň ýagty gelejegi, ýurdumyzyň pajarlap ösmegi ugrunda edilýän atalyk aladalar, ýaşlara berilýän goldaw-hemaýatlar we ýaşlaryň arasyndaky telekeçilik başlangyçlary barada täsirli gürrüňler edildi. 

         Çärä gatnaşyjylar tarapyndan ýaş nesliň kämil bilim almagy, öwrenmegi we döretmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.

TSTP