Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY TÄZE DEREJÄ ÇYKÝAR

Berkarar ýurtda dost-doganlyk gatnaşyklary täze derejä çykýar ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk sapary barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli amala aşyrylýan daşary syýasat ugry bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga we ählumumy howpsyzlygy üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde halkara jemgyýetinde ykrar edilendir.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini döretmäge dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen iki taraplaýyn we köp taraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmaklyga uly ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasynda dostluk, özara ynanyşmak, düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar häzirki wagtda dürli ugurlarda, şol sanda energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döredýär. Bu hyzmatdaşlyk köpýyllyk oňyn tejribä we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 17-19-njy martynda Hytaýa amala aşyran döwlet sapary bu hyzmatdaşlygy has-da giňelmegiň ýolunda möhüm ädim bolar. Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparlary bolsa dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň mizemez däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP