Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

Medeniýet - kalbyň aýnasydyr

2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda “Ak penjire” hususy kärhanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet-kalbyň aýnasydyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu duşuşykda çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň  halkymyz üçin edilýän bu ägirt uly işler bilen bir hatarda ýurdumyzda milliligimizi, medeniýetimizi we halallygymyzy dikeltmek boýunça ägirt uly işler alynyp barylýar. Esasanam ýaşlarymyza gadymdan gelýän  milli medeniýetimiz düşündirilýär. Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmakda hem ähli halkymyza görelde mekdebi bolup durýar. Ýurdumyzda medeni gatnaşyklaryň barha ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli işler ýola goýulýar. Halkymyzyň baý taryhy ýoluna açyp görkezmek ýaş nesillerimizi medeni mirasymyz bilen tanyş etmek maksady bilen, muzeýlere gezelençler gurnalýar. Çykyş edenler şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri, durmuş ýoly boýunça hem düşündiriş işleri hem-de  Mähriban Arkadagymyzyň  milli medeniýetimizi, milli mirasymyzy dikeltmekde alyp barýan işleri üçin köp-köp sagbolsunlar aýdylar.

TSTP