Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň we etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Saýat etrabynyň Sakar şäherçesiniň medeniýet öýünde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri, Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren egsilmez bagty we röwşen gelejegi üçin aýratyn ähmiýeti barada buýsançly gürrüňler edildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza asuda-parahat asmanyň astynda ýaşamak üçin döredip beren ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP