Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

ALYSLARY NAZARLAÝAN HYZMATDAŞLYK

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýat kitaphanasynda partiýa agzalarynyň, hususy telekeçileriň, medeniýet we bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparyny hem-de «Al-Arabiýa» teleýaýlymynda beren interwýusyny giňden wagyz etmek maksady bilen,  wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň netijeleri hem-de «Al-Arabiýa» teleýaýlymynda beren çuňňur manyly interwýusyny giňden wagyz etdiler.

Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda günsaýyn kämilleşdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri barada hem durlup geçildi. 

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP