Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

ZENANLAR DÜNÝÄNIŇ BEZEGIDIR

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her bir günimiz toý baýramlara beslenýär. Şol baýramlaryň biri hem Halkara zenanlar güni bolup durýar. Her ýyl uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän Halkara zenanlar güni ýurdumyzda ýokary derejede bellenip geçirilýär.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan «Bakjaly» hususy kärhanasynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Baýramçylyk duşuşygynda hususy kärhanasynda zähmet çekýän zenanlara partiýa komiteti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. 

Zenanlara uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP