Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýaş nesillerimiziň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen sportuň küşt görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilýän bu duşuşyklar diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem ýurdumyzda şahmatyň derejesini täze basgançaklara ýokarlandyrmaga we geljekki ussatlary ýüze çykarmaga uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň iň zehinli şahmatçylaryny bir ýere jemleýän küşt we şaşka akyl oýunlarynda özara çekeleşikli bäsleşýärler netijesinde ýaş küştçileriň arasynda hem ýörite bäsleşikler guralyp, olar mekdep okuwçylarynyň we ýaşlaryň akyl ukyplaryny ösdürmäge ýörite Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan gymmat baha sowgatlar gowşuryldy.
Ýurdymyzy mundan sporty ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
TSTP