Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Ahal welaýat partiýa komitetiniň gurnamagynda «Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bedew batly özgertmeler» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Bedew bady bilen röwşen geljegine ynamly barýan ata Watanymyzda ösüşler, öňegidişlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň beýanydyr. Bu ýylda agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny ýokary ruhubelentlikde baýram edip bellär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalaryndan, halkymyzyň agzybirliginden we tutanýerli zähmetinden günsaýyn gülleýän berkarar Watanymyz ösüşiň, rowaçlygyň ak ýolundan öňe barýar. Asuda asmanyň astynda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň bagtyýarlygy, ýagty geljeginiň binýadyny berkidýän jemgyýetimiziň döredijilik kuwwaty durnukly ösýän ykdysadyýet bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurduň tebigy baýlyklarynyň özleşdirilip, ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady ösüşiň täze tapgyryny emele getirmäge ýardam edýär. Ösüş-özgerişleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde parahatçylygy, birek-birege ynanyşmagy, durnukly ösüşi berkarar etmek ugrunda nusgalyk tagallalary bilen uly abraýa eýe bolýar.
Eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
TSTP