Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

2026-njy ýylyň  4-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde, “Hususy pudak ösüş ýolunda” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Diýarymyzda ägirt uly işleri durmuşa geçirilýär. Dünýäde durmuş-ykdysady ösüşiň ilerlemeginde hususy pudagyň ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Häzirki döwürde işewürler döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, adamlaryň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirýän önümleriň täze-täze görnüşlerini öndürmäge, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar. Ýer ýüzüniň ýüzlerçe ýurdunda iş alyp barýan kompaniýalaryň sany hem ýylba-ýyldan artýar. Hususy pudak ykdysady ösüşi işjeňleşdirmekde, täze iş orunlaryny döretmekde, halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda, önümçiligi kämilleşdirmekde we eksporty artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýurtlaryň köpüsi oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we olardan ýokary hilli önümleri öndürmekde, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary özleşdirmekde, gaýtadan işleýän senagaty ilerletmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Hususy pudagyň ösdürilmegine goýberilýän maýa goýumlar bu ugurlarda işleri has netijeli ýola goýmaga ýardam edýär. Içerki bazarda ýokary hilli önümleriň bolçulygynyň döredilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Daşary ýurtlara eksport edilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberiniň artmagy bolsa döwletiň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna itergi berýär.

Hususy kärhanalar önümçilige we hyzmatlar ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalary has işjeň ornaşdyryp, tutuş ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna goşant goşýar. Bäsdeşlik göreşi ilatyň sarp edýän harytlarynyň görnüşleriniň artmagyny, olaryň görnüşleriniň köpelmegini şertlendirýär.

Işewürligiň ösmegi döwletiň degişli ugurdaky oňyn syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Bu babatda döwletiň paýyna işewür düzümleriň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilmegi üçin kanunçylyk esasynda amatly şertleri kemala getirmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, häzirki zaman ulag-logistika düzümlerini döretmek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin maliýe goldawyny bermek, şeýle hem innowasion kärhanalarda zähmet çekmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri, işçi güýjüni taýýarlamak ugrynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdymyzy mundan  beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan,   türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak, il-ýurt  bähbitli  işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw  edýäris.

TSTP