2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň “35 ýyllyk baýramy” mynasybetli “Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr” ady bilen Lebap welaýatynyň Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Geçirilen çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary çykyş edip, «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de, ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde hususy ulgamynyň hem ösýändigini buýsanç bilen bellediler.
Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar Garaşsyz, Baky Bitarap diýarymyzda zähmet çekmeklige şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP