Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AK ÝOLLARYŇ RÖWŞEN BOLSUN, BEDEW BATLY ŞANLY ÝYL

    Türkmenistanyň...

  • HUSUSY PUDAK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

    Berkarar...

  • TÄZE TARYHY DÖWÜRIŇ NUSGALYK ÖSÜŞLERI-GARAŞSYZ WE BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ÝÖRELGESI ” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

     ...

  • “BEDEW BATLY, ŞAN – ŞÖHRATLY DIÝARYM” ATLY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Türkme...

  • “BEDEW BATLY ÖSÜŞLER – GÜLLER AÇSYN DIÝARDA” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI.

    Türkme...

HUSUSY PUDAK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli oňyn başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan döwletimiziň hemme taraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň mümkinçilikler açyldy. Şol sanda ähli pudaklar bilen bilelikde hususy pudagyň hem ösmegine giň mümkinçilikler açyldy.Türkmen ykdysadyýetiniñ ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiñ bir ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýylda birnäçe döwletleriň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa, telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi bu pudagyň barha ösmegine, dünýä bazarynda tanalmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Hususy ulgamy türkmen telekeçilerimizi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir! Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

TSTP