2025-nji ýylyň 14-nji ýanwar aýynda Türkmenistanyň Senagatçlar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň kiçi mejlisler jaýynda Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatlary milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz daşary syýasy strategiýasynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine gyşarnyksyz ygrarlydygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Baş Assambleýanyň belent münberinden öňe süren garaýyşlarynyň, teklipleriniň hem nusgalyk taglymata eýerýändigi türkmen Bitaraplygynyň gymmatlyklarynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, gülläp ösüşi üpjün etmekde ýolgörkeziji hökmünde çykyş edýändigini tassyklaýar. Hemişelik Bitaraplygyň oňyn ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatdaky, halkara giňişlikdäki ornuny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýa ýüze çykýan halkara we döwletara meseleleriň diňe dialog, ýagny gepleşikler hem-de syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmeginiň zerurdygyndan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan teklip edilen parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi dünýäde durnukly ösüşi gazanmagyň halklaryň hem-de döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak arkaly mümkindigi baradaky hakykata daýanýar. Bu başlangyçlar parahatçylygyň ösüşe ýol açýandygy, ynanyşmagyň bolsa howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkidýändigi baradaky çuňňur pikiri özünde jemleýän bitewi düşünjäni emele getirýär. Bu taglymatlar häzirki döwrüň şertlerinde halklaryň we döwletleriň jebisleşmegi, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň dünýä syýasatynyň derwaýys şerti hökmünde kesgitlenmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
Hemişelik Bitaraplyk halkymyza egsilmez bagt eçilip, ýurdumyza sebitde we dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaga, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen halky Bitaraplygyň döreden mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe bolýar.
Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köpasyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýädäki at-abraýynyň barha artmagy, ildeşlerimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Halkymyzy belent maksatlar bilen röwşen geljegiň nurana ýolunda jebisleşdirip, ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP