Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Diýarymyzda ägirt uly işleri durmuşa geçirilýär.
2025-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Ak peçek” hususy kärhanasynda “Türkmenistan-Taryhy ösüşleriň beýik binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler berk binýatlylygy we geljegi nazarlaýanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ynha, şu ýylymyz uly taryhy wakalara beslendi, belent üstünlikler gazanyldy. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Eziz Diýarymyzyň häzirki beýik ösüşleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyz syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda täze ösüşlere eýe bolýar, kanunçylyk has-da ösdürilýär.
Täze taryhy döwürde ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýän hem-de agzybirligimizi, jebisligimizi dabaralandyrýan milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz Diýarymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Türkmen halky toý-baýramlaryny gadymy döwürlerden bäri uludan tutýan halk hökmünde tanalýar. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesinde dabaralandyrylyp, berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesi, abraýy belende galdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň inni üç gezek kabul edilmegi türkmen halkyny begenjini hasda artdyryp, döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine, dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi.
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdaryma biz türkmen halkyna ähli mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlary aman bolsun!
TSTP