Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ak kent» hususy kärhanasynda «Türkmenistan – hemişelik Bitaraplygynyň dünýä ýaň salýan mekanym» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap döwletimiz parahatçylykda, asuda durmuşda isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülýär. Şeýle döwletli döwranyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň miwesidigi il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Ýurdumyzyň şeýle ösüş-özgerişli gadamlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da batlanýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly senesi türkmen jemgyýetiniň durmuşynda halkara ähmiýetli waka bolar. Geçen 30 ýyla golaý wagtyň içinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň «Diolog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alýan Bitaraplyk ýörelgesi üstünliklere beslenip, umumadamzat bähbitli tutumly işleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşandyny goşýar.
Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesidir.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edildi. Halkara ähmiýetli bu taryhy waka Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, birek-birege hormat goýmak ýol-ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Umumadamzat bähbitli bu syýasat bolsa durnukly ösüşiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw edýäris.
TSTP