Şu gün Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyr gurluşyk meýdançasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda «Arkadag şäheri Milli Liderimiziň kämil binagärlik eseri» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda berkarar Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, häzirki wagtda ähli pudaklar bilen bilelikde hususy pudagyň hem ösmegine giň mümkinçilikler açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämil binagärlik eseri Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyny hususy telekeçilerimiziň alyp barmagynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniñ ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiñ bir ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýylda birnäçe döwletleriň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa, telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatda gyzyklanma bildirýän dünýä döwletleriniň köp sanlysy bilen özara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Ýurdumyzda telekeçilik işine höwesli bolan ýaşlarymyzy ýüze çykarmak ugrunda we ýaşlarymyzy telekeçilige çekmek ugrunda başga-da birnäçe üstünlikli işleri alyp barýarlar. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligiñ berk binýady kemala getirilýär. Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köp asyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan eziz Watanymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýynyň barha beýgelmegi, halkymyzyň eşretli durmuşynyň dowamat-dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP