Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

  • ŞANLY ÝYLY DABARALANDYRAN BÄSLEŞIK

    Berkarar...

HALKYMYZA AJAÝYP TOÝ SOWGADY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat hem-de Aşgabat şäher komitetleriniň  bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çapdan çykmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri däl, eýsem, ähli halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Nobatdaky jilt Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirýän gymmatly eser bolmak bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem şu geçen döwürde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ýeten belent ösüşleriniň özboluşly beýanydyr. Yzygiderli alnyp barylýan şeýle ýokary netijeli işler biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar.

Işjeňlikde geçen tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Hormatly Prezidentimize we Milli Liderimiziň türkmen halkymyzyň saglygy hakyndaky aladalary, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna durmuşa geçirýän tutumly işleriniň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

TSTP