Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat, Aşgabat şäher komitetleriniň  bilelikde gurnamagynda «Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik – syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we halka düşündirmek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna hususy pudagyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdy.

Maslahatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramynyň bosagasynda ak mermerli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilendigi, onda ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenendigi, öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy hem-de degişli çözgütleriň kabul edilendigi bilen bagly buýsançly gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumymilli forumdaky çuň mazmunly çykyşlarynyň uly täsirleri döredendigi hakda aýdylanlar hem täsirli boldy.

Işjeňlikde geçen wagyz-nesihat çäresinde döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň ulus-ilimiziň bähbidine, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna durmuşa geçirýän tutumly işleriniň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

TSTP