Şu gün Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty - döwletiň we jemgyýetiň syýasy ösüşiniň kepili» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda berkarar Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, Halkara parahatçylyk we ynanyşmakýylymyzda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi we ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilýändigi, bu zatlar ýaşlar hakdaky aladalardan gözbaş alýanlygy hakynda giňişleýin belläp geçdiler. Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri ykrar edilen ýörelgeleri milli ylalaşygy, pugta döwletliligi özünde jemläp, demokratik ösüşiň aýratynlyklaryny we ýurdumyzyň taryhynyň häzirki tapgyryndaky öňegidişligini üpjün edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär we geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.
Belent tutumly işlerini diňe halkynyň aladasyna gönükdirýän, ýurdumyzy diňe ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri diňe rowaçlyklara beslensin.
TSTP