Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ÝAŞ PIKIR - ÖSÜŞIŇ AÇARY

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli şeýle-de ýaşlary telekeçilik işine çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde yglan eden «Agro-sartup» meýdançasynyň çäklerinde «Ýaş pikir ösüşiň açary» atly bäsleşigiň jemleri jemlende.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi, ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň, mümkinçilikleriň  döredilýär bu zatlar ýaşlar hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işleri seljerilip, bäsleşigiň dowamynda  ýeňiş gazanan talyplary yglan edilip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Bäsleşik berkarar Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşy ugrunda, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlary bilen jemlendi.

TSTP