Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Ýaşulylaryň halkara güni mynasybetli «Ýaşulylaryň ýörelgesi nesilleriň göreldesi» atly aýdym-sazly baýramçylykçäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Ata Watanymyzda ýaşulylaryň sarpasy belent tutulýar we olar üçin dürli ýeňillikler döredilýändigini belläp, ýaşulylaryň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda täsirli çykyş etdiler. Baýramçylyk çäräniň dowamynda ähli eneleri we ýaşulylary Ýaşulylaryň halkara güni bilen gutlap gymmat bahaly sowgat gowşurdylar. Ýaşlaryň has-da watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda hem bellenip geçilýär. Bu däbiň bellenilip geçilmegi-de, gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşulylara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini ýokary galdyrmak ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda, halkara derejesinde bellenilip geçilýän bu baýramçylyk öz gezeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýeleýär.
Baýramçylyk çäräniň dowamynda çykyş edenler berkarar Watanymyzda ýaşulylaryň sarpasy belent tutup, bagtyýar durmuşy ugrunda edýän tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Duşuşykda ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP