Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GARAŞSYZLYK – BAGTYMYZ

Şu gün Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumynyň mejlisler jaýynda Gahryman Arkadagymyzyň:«Garaşsyzlyk diýmek öz ruhy-medeni, aň bilim, parasat güýjüňi toplamakdyr we bu beýik güýji ýaşatmakdyr, ösdürmekdir, ony nesilleriň erkana durmuşunyň hatyrasyna öňe alyp gitmekdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak  dabarasy geçirildi.

Dabara berkarar Watanymyzda raýatlaryň bagtyýar durmuşy ugrunda, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP