Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher hem-de Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, Garaşsyzlyk ýyllar içinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler boýunça maslahat duşuşygy geçirildi.
Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.Ýaşululara hormat goýmak pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biridir. Her ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenilip, şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm kararlar işlenip düzülýär hem-de kabul edilýär. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýäde wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemek,olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Dürli ugurlarda gazanylan ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan köpugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijelerini berýändigini, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň bagtyýar hem-de bolelin ýaşaýşynyň üpjün edilýändigini aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolmagyny arzuw edýäris!
TSTP