Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Pagta egriji fabrigi bilen bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty döwletli tutumlaryň badalgasy» atly maslahat geçirildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda halk demokratiýasy barha dabaralanýar. Bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanyp, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Maslahatda çykyş edenler döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirligiň, rowaçlygyň pugtalanýandygy hakykat. Haçan-da, adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlary gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly goldaw ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklary raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Maslahatyň dowamynda halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP