Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüler. Çünki öňdäki umumymilli forum mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek şanly ýylynda geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmekde, teklipleri işläp taýýarlamakda, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmekde hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şoňa görä-de, häzirki günlerde Bereket etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik we taryhy ähmiýetini etrabymyzyň ilatyna düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çärelerini giň gerimde alyp barýarys. Bagtyýar ildeşlerimiz şeýle çärelere uly ruhubelentlikde we işjeňlikde gatnaşýarlar hem-de halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmakda, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar.
TSTP