Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabadyň Pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty – milli demokratiýanyň dabaralanmagy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Geçirilen çärede Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda her ýylda geçirilýän Halk Maslahatynyň il-ýurt möçberindäki ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň halkymyzyň, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilmegi, bu ugurda ýaş işewürlere berilýän goldaw hemaýatlar barada giňişleýin durlup geçildi.
Çäräniň ahyrynda bu zatlaryň ählisiniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
TSTP