Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

HALK MASLAHATY- ÝURDUMYZYŇ HEMMETARAPLAÝYN ÜSTÜNLIKLILERIŇ GÖZBAŞY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetinde  zähmet çekýän  hünärmenleriň arasynda «Halk Maslahaty-ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn üstünliklileriň gözbaşy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi häzirki zaman syýasy ulgamynyň esasyny düzýän halk agzybirliginiň ýörelgesini şöhlelendirýär. Bu ýörelge bolsa häzirki zaman döwlet gurluşynyň binýady bolup durýan «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik şygardan gözbaş alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen öňdengörüjilikli başlangyçlar hem-de Hormatly Prezidentimiziň strategik ugrunyň netijesinde döwlet häkimiýetiniň ähli şahalarynyň we jemgyýetiň tagallalarynyň utgaşdyrylýan giňişligi hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti has-da artýar, sebäbi ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär. Bu ýagdaýy mejlisiň diňe bir içerki syýasat bilen çäklenmeýändigini, eýsem onuň halkara derejesindäki ähmiýetini hem aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň giň goldawa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleri  rowaçlyklara beslensin!   

TSTP