Golaýda «Täç hil» hususy kärhanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Awaza forumy: köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze gözýetimler» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli ösdürýär. Bu syýasat parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar. Şeýle ýörelgeler bilen çykyş edýän Türkmenistan dünýä bileleşiginiň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu başlangyç diňe bir ykdysady taýdan däl, syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu çäre Türkmenistanyň halkara derejesindäki başlangyçlarynyň üstünlikli dowamydyr. Şeýle hem forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni günleriniň geçirilmegi aýratyn mana eýedir. Bu çäreler sebitleýin hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk medeni esaslaryny berkidýär, halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hyzmat edýär. Medeni günleriň çäginde her bir ýurt öz milli medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny we däp-dessurlaryny görkezmek arkaly halkara gatnaşyklara medeni öwüşgin çaýar. Maslahatyň netijesinde, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara söwda ulgamyna gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän täze strategiýalaryň kabul edilmegi bellärliklidir. Mundan başga-da, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly halkara taslamalaryň öňe sürülmegi hem öz netijesini berýär. Ekologiýa, energetika hem-de sanly arabaglanyşyk ugurlarynda bilelikdäki başlangyçlaryň döredilmegi arkaly bu ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny täze sepgitlere çykarýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Hereketleriň täze maksatnamasyny kabul etmegi netijesinde, ýurtlaryň ösüş strategiýalarynyň halkara derejesinde utgaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler açylar.
Türkmen halkynyň bagtyýar geljegi üçin beýik özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
TSTP