Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

AWAZA FORUMY: PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda, Ahal welaýat partiýa komitetiniň gurnamagynda «Awaza forumy: parahatçylyk we ynanyşmak» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr, gymmatlyklardyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak sözlerine çuň many-mazmuny özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigini, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda hem  parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti baradaky beýan eden garaýyşlary, taryhy mysallary bolup, 4-8-nji awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän  BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty  muny dolylygyna tassyklaýar.

Parahatçylyk we ynsanperwerlik, döwletliligiň we jebisligiň nusgasy hökmünde Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ulgamy hem döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Häzirki zaman şertlerinde halkymyzyň milli döwletlilik ýörelgelerini, milli demokratiýany ösdürmek we döredijilikli kämilleşdirmek ugrundaky tagallalar bagtyýar döwrümiziň ajaýyp wakalaryna öwrülip, ählihalk goldawyna eýe bolup, milletimiziň jebisligini pugtalandyrýar. 

Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky ynsanperwer syýasatynyň, beýik başlangyçlarynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw edýäris!

TSTP