Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

AWAZA FORUMY – HALKARA HYZMATDAŞLYKDA MÖHÜM MEÝDANÇA

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda welaýat Baş bilim müdirliginiň mejlisler jaýynda, «Awaza forumy – halkara hyzmatdaşlykda möhüm meýdança» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

      Geçirilen çärede ýurdumyzyň başlangyjy boýunça dünýä derejesinde geçirilýän halkara Awaza forumynyň ähmiýeti barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň halkymyzyň, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilmegi, bu ugurda ýaş işewürlere berilýän goldaw hemaýatlar barada giňişleýin durlup geçildi. Asuda asmanly diýarymyzda abadan durmuşda ýaşaýan we zähmet çekýän halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagynyň, telekeçilik işini üstünlikli ýola goýmagynyň uly bagtdygy barada buýsanç bilen bellenilip geçildi.

      Çäräniň ahyrynda halkymyzy asuda Watanymyzda bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşly sözler aýdyldy.

TSTP