Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Ýaşlar – Watanymyzyň geljegi, bagtyýarlygyň aýdyň şuglasy

2021-nji  ýylyň  26-njy  fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda  Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde  ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek boýunça “Ýaşlar – Watanymyzyň geljegi, bagtyýarlygyň aýdyň şuglasy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresini çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmen ýaşlaryny halka, Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berilýändigini aýdyp, Halkymyzyň asuda parahat ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP