Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň mejlisler jaýynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini giňden wagyz etmek, Halk Demokratiýasynyň dabaralanmagyna we Halk maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegine ýaşlaryň goşant goşmagyny gazanmak maksady bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty-Geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda berkarar Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyz baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi giňişleýin belläp geçdiler.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Duşuşykda ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP