Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

BITARAPLYK – WATAN ASUDALYGYNYŇ BERKARARLYGY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýat kitaphanasynda partiýa agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, partiýa we kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Bitaraplyk – Watan asudalygynyň berkararlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen duşuşykda şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän giň gerimli çäreler, halkymyzyň bol-elin durmuşda abadan ýaşaýşy barada täsirli gürrüňler etdiler. 

 Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda günsaýyn kämilleşdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri barada hem durlup geçildi. 

Çäräniň ahyrynda ýygnaga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP