Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • UMUMY ABADANÇYLYK WE ÖSÜŞ MAKSATLARYNA LAÝYK GELÝÄN HYZMATDAŞLYK WE TÄZE MANY-MAZMUNA EÝE BOLÝAR

    Ýakynda ...

  • ILKINJI ÄDIMLER ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI – GÖZELLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ ŞÄHERI

    Golaýda...

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

UMUMY ABADANÇYLYK WE ÖSÜŞ MAKSATLARYNA LAÝYK GELÝÄN HYZMATDAŞLYK WE TÄZE MANY-MAZMUNA EÝE BOLÝAR

Ýakynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ýelken» hususy kärhanasynda «Umumy abadançylyk we ösüş maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk we täze many-mazmuna eýe bolýar» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Durnukly ösüş meseleleri dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Durnukly ösüş maksatlary hökümet derejesinde millileşdirildi hem-de döwlet syýasatynda ep-esli derejede uýgunlaşdyryldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalar, strategiýalar we meýilnamalar özüne esasy ugurlaryň biri hökmünde Durnukly Ösüş Maksatlaryny yzygiderli amala aşyrmak wezipelerini birleşdirýär. Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», boýunça işlenip taýýarlanylan beýleki strategiýalaryň ählisi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir hem-de 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibine girizilen wezipeleri şöhlelendirýär.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine, onuň ugurlarynyň ösüş depgininiň sazlaşygynyň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine çuňňur goşulmagyna, ilatyň durmuş goraglylygynyň berkidilmegine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdiriler. Şeýlelikde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Anyk ugry nazarlaýan bu syýasat döwletiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerine daýanýar we bir umumy maksat arkaly baglanyşýan köp sanly dürli ugurlary öz içine alýar. Munuň özi halkymyzyň we her bir raýatymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bizi şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklar ýar bolsun! 

TSTP