Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýetinde Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty we onuň dünýä ýurtlaryň arasyndaky nusgalyk ýoly» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry bo­ýun­ça öňe sür­ýän da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li gol­da­nyl­ýar. Şol gol­daw­lar döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­de sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­mak, goň­şu­çy­lyk, dost­luk, hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek işin­de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da­ky ta­ry­hy çy­ky­şyn­da öňe sü­ren dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry hem Bi­ta­rap­ly­gyň türk­men nus­ga­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­dy. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ta­ry­hy çy­ky­şy Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne dö­re­di­ji­lik­li we jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­mek bi­len, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bü­tin dün­ýä­de howp­suz­ly­gyň bö­lün­mez­li­gi we bi­te­wü­li­gi, onuň dür­li ugur­la­ry­nyň bi­ri-bi­rin­den aý­ryl­maz­ly­gy ýö­rel­ge­si­ni berk hem-de dur­nuk­ly go­ra­mak­da dur­mu­şa ge­çi­ren iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni has çuň­ňur maz­mun bi­len baý­laş­dyr­dy. Döw­le­ti­mi­ziň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik, dün­ýä­niň ýurt­la­ry we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hoş­ni­ýet­li, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da jem­len­ýär.

Ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun!

TSTP