Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI – DOSTLUGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ GÜNI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebinde partiýa agzalarynyň, mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda «Bütindünýä welosiped güni – dostlugyň we parahatçylygyň güni» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

            Geçirilen çärede Türkmenistanyň teklip bermegi boýunça her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň we hut biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça bu senäniň dünýä ýurtlarynyň arasynda gyzgyn goldaw tapmagynyň uly many-mazmunynyň bardygy barada durlup geçildi. Asuda asmanly diýarymyzda abadan  durmuşda ýaşaýan we zähmet çekýän halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagynyň, sport bilen meşgullanmagynyň uly bagtdygy barada buýsançly gürrüňler edildi.

            Çäräniň ahyrynda bu zatlaryň ählisiniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP