Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GELJEGIŇ BERK BINÝADY ÝAŞ TELEKEÇILER

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Dört el» hususy kärhanasynda S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Geljegiň berk binýady ýaş telekeçiler» atly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi.   

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Döwletimiz bazar ykdysady şertlerine geçmek baradaky döwlet syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Şeýle asylly başlangyçlaryň çygrynda kiçi we orta telekeçiligi goldamak barada Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Serdarymyz ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda hem ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ornuň degişli boljakdygyny buýsanç bilen belledi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem ýaşlar syýasatyny ösdürmek boýunça möhüm wezipelere giň orun berilýär. Ýaşlary telekeçilige giňden çekmek we goldamak babatynda döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Şunlukda, ýaş telekeçileriň mynasyp nesli kemala gelýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan, kalplary ylyma-bilime teşne talyp ýaşlary görüp, bu pudagyň geljeginiň binýadynyň berkdigine buýsanýarsyň. Bilim bermegiň usullary zähmet terbiýesi bilen utgaşdyrylyp, ýokary derejeli sowatly, bilimli hünärmenleriň kemala gelmegini şertlendirýär.

Ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi barada bimöçber alada edýän, halkymyzy beýik maksatly işlere, eşretli günlere tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP