Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Şu gan Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja-bagynda Arkadag şäher häkimligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. 

Çärede çykyş edenler dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çaglaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary esasda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Çäräniň dowamynda çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistlarynyň gatnaşmagynda gyzykly ýatdan çykmajak sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. 

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýändir. Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk, ýurt bähbitli sebit we umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!

TSTP