Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapynda «Bereketli jaý» hususy kärhanasynda zähmet çekýän partiýanyň agzalarynyň arasynda , ýurdumyzda gazanylýan ösüş, özgerişler bilen bagly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüş, özgerişler bilen bagly Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda ykdysadyýet bazar gatnaşyklary ýörelgelerinde ýola goýýan ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýär. Şol Maksatnama ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini, Türkmenistanda hususy öndürijileriň işlerini işjeňleşdirmek arkaly durmuş taýdan abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirildi we oňyn netijesini berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen telekeçilerine ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
TSTP