Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Türkmen Şöhle» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän işgärler bilen duşuşup, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde, ajaýyp zähmet üstünliklere beslenýär. Bu iki mukaddeslik biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki her bir döwletde iň ýokary hukuk güýjüne, abraýyna mynasyp bolýan Konstitusiýa—Esasy Kanunymyz döwletiň içerki gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş ulgamyny berkidýän bolsa, Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolup, ol milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň buýsanjyny, baý taryhyny, bagtyýar şu gününi alamatlandyrýar.
Dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, Döwlet baýdagynyň astynda agzybir halkymyz belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, oňyn özgertmeler gazanylýar. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady taýdan durnukly depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan berkarar döwletdigini ykrar edýän toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmen baýdagynyň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýär. Geçmişde ululy-kiçili döwletleriň ençemesini guran, dünýä ösüşine maddy we ruhy gymmatlyklary goşan halkymyzyň ýaşyl Tugunyň uly taryhy bardyr. Milli gymmatlygymyz, buýsanç Tugumyz hökmünde ýaşyl Baýdagymyza halkymyz tarapyndan uly sarpa goýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan döwleti Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
TSTP