Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli telekeçi Göwher Hojadurdyýewanyň haly dükanynda «Haly – türkmeniň köňül nagşydyr» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda, halypa telekeçi zenanlaryň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlandy.
Baýramçylyk duşuşygynda şöhraty dünýä dolan türkmen milli miraslarymyzyň biri bolan türkmeniň halyçylyk sungaty, halyçylyga berilýän üns, eli çeper gelin-gyzlarymyzyň dokaýan ajaýyp halylary dogrusynda ýaşlara gyzykly gürrüň berildi. Telekeçi zenanlaryň Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplaryndan ugur alyp beren gürrüňleri has-da täsirli boldy. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynda gadymy halkymyzyň döreden milli dokmaçylyk sungaty, türkmen halylaryny dünýä meşhur eden ene-mamalarymyzyň el işine belent sarpa, şeýle-de halyçylaryň örän çylşyrymly zähmetiniň, çeperçilik döredijiliginiň soňlanmajak waspy öz beýanyny tapýar.
Uly gyzyklanma döreden duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň nepis sungatyna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz alkyş aýtdylar.
TSTP