Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäräniň dowamynda çykyş edenler Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günine bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda asmanymyzda pasyrdaýan baýdagymyz halkymyzyň asyrlardan bäri döwletlilik barada edip gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýän we goldaýan Birleşen Milletler Guramasynyň binasynyň öňünde dünýä döwletleriniň ýüzlerçesiniň baýdaklarynyň arasynda ýurdumyzyň baýdagy hem pasyrdap dur. Ata Watanymyzyň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Halkymyz bolsa mukaddes baýdagyny alnyna sylyp, başyna täç edýär. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Bu goşa sene halkymyzyň durmuşynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr.
Baýramçylyk çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny aýdyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP