Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEK DÖWLET SYÝASATY DABARALANÝAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Bakjaly» hususy kärhanasynda «Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek döwlet syýasaty dabaralanýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň ruhy daýanjyna, asuda geljeginiň şamçyragyna, aňyýet hazynasyna öwrülen çuňňur düşünje, jemgyýetçilik garaýşy hökmünde ýyl-ýyldan has berkeýär diýsek, ýalňyşmarys. Hormatly Prezidentimiz Hemişelik Bitaraplyk baradaky paýhasly pikirleri, alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen adamlaryň aň-düşünjesinde täzeçe durmuş ýörelgesini emele getirdi. Bu ýörelge çagalardan başlap, ýaşululara çenli ruhubelent hem ynamly ýaşamagyň mizemejek ynanç derejesine ýetdi. Şol ynançda hemişelik Bitarap ýurduň raýatynyň buýsanjy bar. Parahatçylygy, ylalaşygy hemişe goldamak, döwletimiziň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny jemgyýetçilik durmuşynyň mizemez kadasy hökmünde kabul etmek ýaly milli mertebeliligiň ruhy-ahlak çelgisi bar.

Türkmen Bitaraplygy — halkymyzyň jebisliginiň we gazanan ýeňişleriniň miwesi, döredijilikli zähmetiniň üstünlikli netijesi we geljekki sepgitleriniň daýanjy. Türkmen Bitaraplygy sebitde, şol bir wagtyň özünde, dünýä döwletleriniň arasynda geosyýasy, geoykdysady deňagramlylygyň möhüm şerti, durnuklylygy saklamagyň täsirli serişdesi, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzyň halkara derejesinde abraý-mertebesini has-da belende galdyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, tutýan tutumly işleri  rowaçlyklara beslensin!   

TSTP